Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda durmuşymyzyň her bir pursady Aşgabat şäheriniň gülläp ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ajaýyp şäherimiz dünýäde deňi-taýy bolmadyk şöhratly bedewleriň, nepisligiň gaýtalanmajak nusgasy bolup dünýä dolan türkmen halylarynyň we ýene-de köp täsinlikleriň jemlenen ýeridir. Joşgunly ylhama ganat berýän gözel şäherimiziň taryhy Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da şöhratlanýar, dünýä ýüzüne ýaň salýar. “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen söhbetdeşlikde kitaphanaçylar şular dogrusynda çykyş etdiler we şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ak şäherim Aşgabat” …