“Älem içre sarpalanýan bedewler” atly görnükli atşynaslar bilen duşuşygyň çäginde “Ömre ganat, jana melhem bedewler” atly giňişleýin kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Älem içre sarpalanýan bedewler” atly görnükli atşynaslar bilen duşuşygyň çäginde “Ömre ganat, jana melhem bedewler” atly giňişleýin kitap sergisini hem gurnady.

Bu giňişleýin kitap sergisinde Döwlet kitaphanasynyň altyn gaznasyndaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle-de bedewler baradaky kitaplar hem ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelenler, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary hem öwrenip bildiler. Kitap sergisini görmäge gelenleriň bedewlerimize bolan gyzyklanmasy has hem artdy.

Işlemäge, döretmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Älem içre sarpalanýan …

Metbugat gullugy