“Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde 2026-njy ýyly “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazgy etdiler

Image description

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde 2026-njy ýyly “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazgy etdiler.

   “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly dogrusynda çykyş edenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz,hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülendigi, ýurdumyzda her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň  parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny tassyklaýar diýip bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Altyn asyr” teleýaýlymy …

Metbugat gullugy