“Altyn jygaly bedew” ady bilen wagyz nesihat çäresi

Image description

   Aşgabat şäherindäki A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus orta mekdebinde  Türkmenistanyň  Döwlet  medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Kitap saklamak bölümi we  A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus orta mekdebi  bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda  Türkmeniň milli gymmatlyklarynyň biri bolan gamyş gulak bedew atlarymyza bagyşlap “Altyn jygaly bedew” ady bilen wagyz nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden hünärmenler, il halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň we merdanalagyň nusgasydygy barada gyzykly gürrüňler berdiler.Çäräň dowamynda mekdep okuwçylaryň beren gyzykly sowallaryna peydaly jogaplar aldylar. Şu çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.  

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Altyn jygaly bedew” …

Metbugat gullugy