“Aman Kekilow-alym şahyr”ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Aman Kekilow-alym şahyr”ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýatymyzyň görnükli wekili manyly ömründe döredijilik meýdanynda yz galdyran alym, şahyr,Türkmenistanyň halk ýazyjysy,Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi,Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi  Aman Kekilow barada  giňişleýin söhbet etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri,Gahryman Arkadagymyz:”Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys”diýip,belleýär.Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda medeni mirasymyzy, edebiýatymyzy we sungatymyzy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şu ajaýyp baýram bilen gutladylar. Goý,Olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aman Kekilow-alym şahyr”ady …

Metbugat gullugy