“Arkadagyň eserleri ýaşlara görelde”

Image description

       Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyylar üçin maksatnamasyndan ugur alyp Gökdere çagalar dynç alyş we sagaldyş  zolagynda ýerleşýän “Muhammetmyrat Nyýazow” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Arkadagyň eserleri ýaşlara görelde” atly göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik  gurnady.

   Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Bagtyýar çagalaryň rahat dynç alyp, kitap okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly aladalar edilýär diýip, giňişleýin gürrüň etdiler.

   Göçme kitap  sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de  çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelen dynç alyş merkezindäki çagalar özlerine gerek maglumatlary tapyp uly gyzyklanma bilen tanyşdylar.  

     Çäräniň  ahyrynda çagalar bilen sorag - jogap alyşyldy, aýterek-günterek oýunlar oýnaldy. Çagalarda uly täsir galdyrdy.

     Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň  aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini  tüýs ýürekden arzuw etdiler.    

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Arkadagyň eserleri ýaşlara …

Metbugat gullugy