Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Aşgabat-ak arzuwlaryň şäheri” ady bilen sergi gurnady.
Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Paýtagtymyz Aşgabat bu gün döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilýän gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri bendi edýär. Prezidentimiziň tagallasy bilen gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlas bilen döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sergä gatnaşyjy okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aşgabat-ak arzuwlaryň şäheri” …