Aşgabat şäheriniň “Beýik Serdar nesilleri“ atly 13-nji çagalar bakja-bagynda “Türkmen halk ertekilerinde gahrymançylyk” atly söhbetdeşlik geçirdiler

Image description

Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Aşgabat şäheriniň “Beýik Serdar nesilleri“ atly 13-nji çagalar bakja-bagynda “Türkmen halk ertekilerinde gahrymançylyk” atly söhbetdeşlik geçirdiler.

     Türkmen halk ertekilerindäki gahrymançylyk, mertlik, adalatlylyk, watansöýüjilik we akyl-paýhas ýaly ýokary ahlak sypatlaryny özünde jemleýän gahrymanlaryň ertekilerde zulumkärlere garşy göreşip, halky halas etmegi we ýeňiş gazanmagy  hakyndaky dabaralandyrýan wakalardyr. Türkmen gahrymançylykly ertekilerinde gahryman diňe bir fiziki güýç bilen däl, eýsem akyl, batyrlyk, we mertlik bilen tapawutlanýar. Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary köplenç adyl, merdem sözünde durýan, pespäl we watan üçin janyny bermäge taýýar bolan şahsyýetlerdir. Ertekilerde ýagşylyk bilen ýamanlygyň söweşi, adalatlylygyň dikeldilmegi, halkyň erkinligi we abadanlygy ugrundaky söweşler esasy orny tutýar. Bu ertekiler çagalarda we ýaşlarda watansöýüjilik, mertlik, edermenlik we agzybirlik ýaly gowy häsiýetleri terbiýelemäge gönükdirilendir. Milli däp-dessurlarymyzyň we terbiýe mekdebiniň baýdygyny görkezýän bu ertekiler, halkyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän arzuw umytlaryny, gahrymançylykly taryhyny we ruhy dünýäsini beýan edýänligi barada gürrüň edildi we birnäçe ertekiler okap berildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra bolsa söhbetdeşlige gatnaşan çagalar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi şadyýan durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Aşgabat şäheriniň “Beýik …

Metbugat gullugy