Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen ak şäherimiz Aşgabat” barada ýazgy edildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen ak şäherimiz Aşgabat” barada ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda  “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphana işgärleri  ýurdumyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülendigini, aýratyn binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýan paýtagtymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz uly işleri amala aşyrýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda  taýsyz tagallalary edýän  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Aşgabat teleýaýlymy bilen …

Metbugat gullugy