“Aşgabat–gözelligiň nusgasy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki  edebiýatlar bölümi “Aşgabat–gözelligiň nusgasy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi.

        Aşgabat–şäherleriň seresi. Onuň göz gamaşdyryjy ýalkymy görenleri haýrana goýýar. Has görkana görünýän ajaýyp Aşgabadymyzyň keşbi-ýaraşygy has ýakymlydyr. Onuň her bir binasy durşy bilen tarypnama. Owadan güllere beslenip oturan paýtagtymyzyň her bir künjegi hakyky gözellik donuna bürenip dur. Bu gün söýgüniň we umytlaryň gül açýan mekany hökmünde taryhyň şöhratly töründe orun tutan Türkmenistanyň paýtagty–ak mermerli Aşgabat Orta Aziýanyň merjen şäherine, ähli halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar täsirli çykyş etdiler. Paýtagtymyzyň waspyny ýetirýän ajaýyp şygyrlardan okap berdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar pursatdan peýdalanyp, şeýle ajaýyp ýurtda ýaşap, üstünlikli zähmet çekýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Aşgabat–gözelligiň nusgasy” ady …

Metbugat gullugy