“At esbaplarynyň zergärçilik bezegi” atly senenamalaýyn sergi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi  “At esbaplarynyň zergärçilik bezegi” atly senenamalaýyn sergi gurady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň her güni toý-baýramlara şanly senelere beslenýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şanly senelere, baýramçylyklara, ömrüni sungata-medeniýete bagyşlan sungat ussatlaryň ömri döredijiligine bagyşlap -  hemişelik, wagtlaýyn, senenamalaýyn we göçme sergilerini yzygiderli guraýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi At esbaplarynyň zergärçilik bezegiatly senenamalaýyn sergi gurady.

Ösüşleriň bedew bady bilen barha öňe ilerleýän Türkmenistan Watanymyzda bedew atyny uçar ganatyna deňeýän türkmen halkymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň hemrasy bolan ahalteke bedewlermiziň şan şöhratyny bütin dünýä ýaýýar.

Gözelligi, ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “At esbaplarynyň zergärçilik …

Metbugat gullugy