“Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de beýik geljegiň binýady” ady bilen baýramçtlyk dabarasy geçirildi

Image description

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de beýik geljegiň binýady” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlary bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp  “Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de beýik geljegiň binýady” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. 
Dabara gatnaşan myhmanlar we talyp ýaşlar ýurdumyzda bellenilip geçilýän Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda  ýetilen sepgitleri we  gazanylan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.  Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Garaşsyzlyk-Berkararlyk täjimiz” ady bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Bu gurnalan sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Şeýle-de Şanly Garaşsyzlygyň 35ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergi okyjylarda  uly täsir galdyrdy.
  Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de …

Metbugat gullugy