“Bahar -ýazyň şahyry”atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda”Miras”teleýaýlymy bilen bilelikde şahyr Halyl Kulyýewiň ömür we döredijiligine bagyşlanan “Bahar -ýazyň şahyry”atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

 Söhbetdeşlikde çykyş edenler  şahyr Halyl Kulyýewiň ömri we döredijiligi,onuň gysga ömründe döredip giden ajaýyp goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Baharyň, ýazyň şahyry bolan Halyl Kulyýew bahar hakynda şeýle çuň manyly goşgular döreden şahyrdyr.Onuň her bir goşgusy yhlasa –söýgä eýlenenligi bilen okyjyny özüne çekýär. Okyjylarymyz Halyl Kulyýewiň goşgularyny uly höwes bilen okaýarlar.

      Çykyş edenler bular hakynda nygtap geçmek bilen,söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bahar -ýazyň şahyry”atly …

Metbugat gullugy