Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, hem-de Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde “Bitaraplyk –baky bagtyň şuglasy” ady bilen geçirilýän tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler:Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan şu günlerinde,ýurdumyzyň ähli künjekleriniň toýa beslenýändigini, bu toýa ähli medeniýet we sungat işgärleriniň,kitaphana ulgamynyň işgärleriniň zähmet sowgatlary bilen gelendiklerini nygtadylar.Soňra söhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanýandygyny aýdyp geçmek bilen,söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bitaraplyk –baky bagtyň …