Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Bitaraplyk taglymaty- parahatçylygyň hem düşünişmegiň ýoly” ady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirildi.
Pederleriň pähiminden gözbaş alyp, asyrlaryň aýdymyny baýdak edinen, Gahryman Arkadagymyzyň nesihatyny tug edinip öňe sary barýan ýurdumyzda toýlar- toýa, baýramlar –baýramlara ulaşýar. Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi hem “Bitaraplyk taglymaty- parahatçylygyň hem düşünişmegiň ýoly” ady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden kitaphana işgärleri Bitaraplyk döwründe ýetilen belent derejeler, halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan işler dogrusynda täsirli söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzyň arzuw- umytlaryndan mysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň eýýamlaryň jümmüşine ýaň salmagyny arzuwlap ,şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Bitaraplyk taglymaty- parahatçylygyň …