Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçylary Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde " Bu gün eziz Watanda, toýlanýar hasyl toýy"atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler döwletimiziň her bir gününiň toýlara beslenýändigini nygtadylar. Hasyl toýunyň bellenilýän gününde oba hojolyga berilýän uly ünsleriň netijesini hasylymyzyň bollygy, bereketliligi bilen kesgitlemek bolar. Bereketli topragymyzyň bol hasylynyň bolmagy daýhanlaryň zähmetleriniň netijesidir. Oba hojolyk işgärleriniň önüm öndürijiliginiň, azyk howpsuzlygynyň ýokorlanmagy hem-de edilýän işler barada özara söhbet edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler kitaphana ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: " Bu gün …