“Çagalar biziň röwşen gelejegimizdir” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 160-njy çagalar bagynda “Çagalar biziň röwşen gelejegimizdir” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Kitaphana işgärleri çagalara durmuşy, haýwanlar hakyndaky, jadyly-hyýaly ertekilerden birnäçesini okap berdiler we olaryň arasynda sorag - jogap alşyldy. Gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Kitap sergisi ýaş nesillerde uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem çagalara kitap okap bilimlerini artdyrmaklaryny maslahat berdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerinde birnäçe aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çagalar biziň röwşen …