“Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr” atly söhbetdeşlik gurnaldy

Image description

“Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr” atly söhbetdeşlik gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 28-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr”  ady bilen körpejeleriň arasynda söhbetdeşlik gurnaldy. Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň kitap okamak endigini kemala getirmek üçin olar bilen ertekileriň gahrymanlaryndan sorag-jogap alyşyldy, birnäçe goşgular okaldy, çagalara öý haýwanlarynyň atlaryny, olaryň ses aýratynlyklaryny öwretdiler. Şeýle hem körpeleriň wagtyny hoş geçirmekleri üçin birnäçe peýdaly oýunlary oýnadylar.

Kitaphana işgärleri ýaş nesil babatda edýän atalyk aladalary üçin, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri edýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden  arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çagalaryň gülkisi iň …

Metbugat gullugy