“Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmekde edebiýatyň orny” atly duşuşyk geçirildi

Image description

“Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmekde edebiýatyň orny” atly duşuşyk geçirildi.

      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi we Aşgabat şäheriniň 84-nji çagalar bakja-bagynyň çagalary bilen çeper okaýyş geçirildi.

        Çeper okaýyş çäresinde çagalara Türkmen hak ertekileri okap berildi. Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti, çagalaryň kitap bilen ir ýaşdan dostlaşmagyny gazanmak barada pikir alyşmalar geçirildi. Çeper okaýyş çäresi ýaş nesilleriň her birinde kitaba bolan söýgi döretdi. Kitap körpeleriň sözleýişini kämilleşdirmekde möhüm orun eýeläp, ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly milli häsiýetlerde terbiýelemäge uly ähmiýet berýär. Şeýle-de  çagalara, kitap okan çaganyň - jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol ýörelgedigi hakynda maslahatlar berildi. Çärä gatnaşanlar bagtyýar çagalarymyzy milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmekde …

Metbugat gullugy