Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümine täze gelen neşirlerden syn geçirildi.
Bu geçirilen synda Döwlet kitaphanasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan sowgat berilen, pars dilinde neşir edilen edebiýatlaryň birnäçesi bilen gatnaşyjylary tanyş etdiler. Çykyş edenler şeýle kitaplaryň kitaphanalara sowgat berilmeginiň özi ýurdumyzda dost-doganlyk we halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýändigi buýsanç bilen belläp geçdiler hem-de doganlyk halklaryň ýazyjy-şahyrlary hakynda, olaryň ýazan kitaplary dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Kitaphana synynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny şeýle eşretli zamanada ýaşatýan, ýurdymyzyň gülläp ösmeginde ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Daşary ýurt dillerindäki …