Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ilçisi Doktor Farýal Leghari we ilçihananyň wekilleri iş saparynda boldular.
Ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak has-da ösdürmek we geljekde kitaphana işini kämilleşdirmek maksady bilen gurnalan bu duşuşykda gelen myhmanlar Döwlet kitaphananyň bölümlerinde işleriň alnyp barylyşy, olaryň okyjylara edýän döwrebap hyzmatlary bilen şeýle hem kitaphanada guralan hemişelik we wagtlaýyn sergileri bilen giňişleýin tanyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan bu ýurduň dilini, taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny, milliligini giňişleýin wagyz edýän iňlis we urdu dillerindäki neşirleriň birnäçesini Döwlet kitaphananyň kitap gaznasyna sowgat berdiler.
Şeýle ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň dünýä derejesinde ösmegine uly ähmiýet berýär. Milli ruhy gymmatlyklarymyzy ýaş nesillerimize ýetirmekde uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Doktor Farýal Leghari …