Dost-doganlyk gatnaşygy – ösüş-özgerişleriň gözbaşy!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ynamly ösüşleriň täze belentliklerine sary öňe barýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem Watanymyzyň her bir gününiň taryhy wakalara beslenýän günlerinde “Dost-doganlyk gatnaşygy – ösüş-özgerişleriň gözbaşy!” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanyp, daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigi, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle-de, bu iki döwletiň arasynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny has-da berkidip, oňyn gatnaşyklar üçin täze sahypany açýandygy barada söhbetdeşligiň dowamynda nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda hünärmenler zähmet çekýän pudaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny ýokary derejede bellemäge giňden taýýarlyk görülýändigi hakynda bellemek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Dost-doganlyk gatnaşygy – …