Döwlet kitaphanasyna gezelenç
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna, Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň 1-nji ýyl talyplary gezelençde boldylar. Bu talyplary Döwlet kitaphananyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen gezelenç gurap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserlerini synlamak bilen çäklenmän özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary derejelere götermegi öz öňlerinde borç edip goýan ýaşlarymyz gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy-öwrenmegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasyna gezelenç