Döwlet kitaphanasyna gezelenç.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi Aşgabat şäherindäki 2 - nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary üçin kitaphana gezelenjini gurnady. Kitaphana gezelenje gelen okuwçylar kitaphanamyzyň okalga zallary we bölümleri bilen tanyşdylar. Okuwçylara kitaphananyň kitap gaznasy, okyjylara hödürleýän hyzmatlar hem - de katalog arkaly gerekli neşiri tapmagyň tertibi barada gürrüň berildi. Gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň taryhyny, milli medeniýetini we edebiýatyny öwrenmekde kitabyň ähmiýeti barada söhbet edildi. Gezelenje gelen okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar.
Milli medeniýetimiziň ösdürilmegine, ýaş nesiliň bilim almagyna we kitap okamaga bolan höwesiniň artmagyna berýän goldawlary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem - de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Döwlet kitaphanasyna gezelenç