Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň guramagynda Bütindünýä çagalary goramagyň güni mynasybetli “Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap derejede bilim almaklary we dynç almaklary üçin örän uly mümkinçilikler we şertler döredilip berilýär. 1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleri türkmen halkynyň durmuşyna bagt nuryny çaýýan şadyýan körpelerimiziň Garaşsyz diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär. Çagalar–biziň geljegimiz. Ata-babalarymyzyň “Çaga-ömrüň dowamy”, “Çaga gol-ganatyň”, “Çagany ýaşdan, edebi başdan”, “Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň çägi” ýaly parasatly pähimlerden ugur alyp ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
Dabaranyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Dünýä dolsun çagalaryň …