Dünýä döwletleri – Türkiýe
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri - Türkiýe" atly kitap sergisi gurnaldy.
“Dünýä döwletleri - Türkiýe" atly kitap sergisiniň esasy maksady okyjylary Türkiýe döwletiň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, edebiýaty hem-de syýahatçylyk ýerleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Sergide Türkiýe döwletiniň taryhy, geografiýasy, syýahatçylygy, çeper eserleri we ertekileri ýerleşdirildi. Şeýle hem türk ýazyjylaryň eserleri, sözlükler, ensiklopediýalar we suratly edebiýatlar görkezildi. Bu kitaplaryň üsti bilen okyjylar Türkiýe döwletiniň gadymy taryhy, häzirki zaman ösüşi we baý medeni mirasy barada giňişleýin maglumatlar bilen has içgin tanyşdylar.
Häzirki wagtda ylymy, bilimi ösdürmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Dünýä döwletleri – …