”Eziz Watan Bitaraplyk binýady” ady bilen ýazgy edildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ”Eziz Watan Bitaraplyk binýady” ady bilen  ýazgy edildi.

   Çykyş edenler parahatsöýüjilik ýörelgesiniň halkymyzyň gadymdan şu güne getiren gymmatlykdygyny, parahatçylyk, abadançylyk ata- babalarymyzyň baş maksady bolup durýandygy hakynda nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda, parahat ýurtda işläp, zähmet çekýändigini, asuda ýaşaýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.       

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Eziz Watan Bitaraplyk …

Metbugat gullugy