“Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde sagdyn–durmuş ýörelgesi” dogrusynda ýazgy edildi

Image description

“Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde sagdyn–durmuş ýörelgesi” dogrusynda ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” atly gepleşigi tarapyndan kitaphana işgärleri bilen “Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde sagdyn–durmuş ýörelgesi” dogrusynda ýazgy edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz ”Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak” diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalary edýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýurdumyzda gurlup ulanylmana berilýän döwrebap hassahanalaryň, sagaldyş we dikeldiş merkezleriniň, şypahanalaryň we sport desgalarynyň üsti bilenem göz ýetirýäris. Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek, halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyz hem saglyk ulgamyna degişli halkymyza birnäçe gymmatly eserleri peşgeş berdi. Adam saglygyna bagyşlanan, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän bu gymmatly eserlerde saglyk, lukmançylyk, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin  açylyp görkezilýär. Bu eserler halkymyzyň saglygyny goramakda esasy gollanmalar bolup durýar.Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürip,  ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde …

Metbugat gullugy