“Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň iňlis dilinde çap edilen nusgalyk eserleri ýaş nesle terbiýe mekdebi” atly göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň  Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary  ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň Annanyýaz Artyk adyndaky dilleri çuňlaşdyryp öwredýän 68-nji orta mekdebinde “Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň iňlis dilinde çap edilen nusgalyk eserleri ýaş nesle terbiýe mekdebi” atly göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik geçirildi.

       Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iňlis dilinde çap edilen nusgalyk eserleri  şeýle hem  daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryň iňlis dilinde çap edilen eserleri ýerleşdirildi. Sergi mekdep okuwçylarynyň arasynda gyzyklanma döredip, ählisiniň ünsüni çekdi,  olar  üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Kitaplaryň birnäçe görnüşleri bilen tanyşdyrylyp dürli synpdaky okuwçylar özleriniň gyzyklanýan sowallary hakynda sorag-jogap alyşdylar.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň dünýä tejribesine gabat gelýän mümkinçilikler bilen üpjün edilmegi, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gahryman Arkadagymyzyň hem-de …

Metbugat gullugy