Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVII tomundan syn geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVII tomundan syn geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy – ensiklopedik kitaplar toplumy, türkmen topragynyň şypaly baýlyklaryny, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgelerini we häzirki zaman fitoterapiýasyny özünde jemleýän örän gymmatly çeşmedir. Bu kitabyň täze XVII tomunda  gadymy türkmen lukmanlarynyň, şol sanda Berdimuhamet Annaýewiň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki taryhy şahsyýetleriň dermanlyk ösümlikler baradaky garaýyşlaryna hem orun berilýär. Her jiltde ösümlikler botaniki taýdan suratlandyrylyp, olaryň düzümindäki peýdaly maddalar barada ylmy maglumatlar berilýär. Bu ensiklopediýa diňe bir lukmanlar we dermanşynaslar üçin däl, eýsem ösümlik dünýäsi bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylmy ensiklopedik iş hökmünde bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edilip, halkara ylmy jemgyýetçiligine uly gyzyklanmasyny döredýär.           

Çykyş edenler kitaphana  synynyň ahyrynda  ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gahryman Arkadagymyzyň iňlis …

Metbugat gullugy