“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Milli miras bedew batly ösüşleriň binýady” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi M.Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Milli miras bedew batly ösüşleriň binýady” ady bilen göçme kitap sergisini  gurnadylar.

  Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri  ýerleşdirildi. Mundan başga-da milli mirasymyz baradaky edebiýatlar hem ýerleşdirildi.                               

  Göçme kitap sergisini görmäge gelen professor-mugallymlar hem-de talyplar üçin bu  edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyz, baky Bitarap …

Metbugat gullugy