“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşigi bilen bilelikde 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler hem-de geçirilen halkara derejesindäki forumlardyr, maslahatlar dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem bedew bady bilen öňe barýan döwletimizde türkmen halkynyň arzuw-umytlar bilen garşy alan 2026-njy ýylyny “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy bilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyz, baky Bitarap …