Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi tarapyndan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyzlyk-halkyň ykbaly”ady bilen edebiýat agşamy geçirildi.
Edebiýat agşamynda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň içinde ähli ugurlardaky gazanylan ajaýyp üstünlikler, biziň ykdysadyýetimizde, milli medeniýetimiz we sungatymyzda ylym-bilimde, saglygy saklaýyşda, halkara gatnaşyklarynda gazanylan asyrlara barabar beýik ösüşler hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Öz bilişimiz ýaly, bu gün biziň baý edebi mirasymyz, şöhratly taryhymyz halk- döredijiligimiz hakynda ýazylan edebiýatlar hem Garaşsyzlyk ýyllarynda täzeden- täze çap edilip halkymyza ýetirildi. Aşgabat şäheriniň, şeýle hem sebitde deňi –taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi hem bu gün dünýäniň nazarynda.Welaýatlarda gurulýan ägirt uly desgalar, binalar medeniýet we sungat ojaklary hem halkymyzyň hyzmatynda. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen,öz söhbetleriniň ahyrynda Garaşsyzlyk hakynda ýazan goşgularyny okadylar hem-de bize şu ajaýyp, bagtly durmuşy gurup beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk-halkyň ykbaly”ady bilen …