“Garaşsyz Diýarym baky Bitarap!”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyz Diýarym baky Bitarap!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişelik Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost-doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bu gün dünýä dolýar. Taryhda şöhratly ýollary geçen Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 3 gezek ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip,ynsanperwer taglymaty bilen Halkara derejesinde uly abraý gazandy.
Ýetip gelýän belent ynsanperwerligiň baýramyna öwrülen 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyz Diýarym baky …