“Garaşsyz Türkmenistan dünýä nur saçýar” atly edebiýat agşamy geçirildi

Image description

“Garaşsyz Türkmenistan dünýä nur saçýar” atly edebiýat agşamy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan dünýä nur saçýar” atly edebiýat agşamyny geçirdi. Garaşsyzlygyň bize eçilen miweleriniň aýdyň subutnamasy bolan bu dabara kitaphana işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, okyjylarymyz gatnaşdylar we çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ösüşleriň şeýle belent depginlere eýe bolmagynyň durmuşymyzy toý-baýramlara besleýändigini ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda amala aşyrylan işlerinde hem görmek bolýandygy hakynda nygtap geçdiler. Şeýle hem dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Garaşsyzlyk halkyň çüwen ykbaly” atly kitap sergisi hem gurnaldy. Geçirilen edebiýat agşamynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny, milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýüzüne tanatýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyz Türkmenistan dünýä …

Metbugat gullugy