“Garaşsyz Watanyň waspy” atly sergi.

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň her güni toý-baýramlara şanly senelere beslenýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şanly senelere, baýramçylyklara, ömrüni sungata-medeniýete bagyşlan sungat ussatlaryň ömri döredijiligine bagyşlap - hemişelik, wagtlaýyn, senenamalaýyn we göçme sergilerini yzygiderli guraýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi hem ýurdumyzda ulydan bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk  baýramy mynasybetli “Garaşsyz Watanyň waspy” atly sergi gurady. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  tagallalary bilen gülleýän medeniýetimiz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy,  halkymyzyň  bagtyýarlygy  öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda ulydan toýlanýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk  baýramy  bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarmyzy, türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyz Watanyň waspy” …

Metbugat gullugy