“Garaşsyzlyk-köňül buýsanjymyz” atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki  edebiýatlar bölümi “Garaşsyzlyk-köňül buýsanjymyz” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi.

 Şu günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyny uly zähmet ýeňişleri we belent buýsanç bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk bu biziň döwletliligimiziň berklik binýadydyr, halkymyzyň agzybirliginiň we parahatçylykly hem-de bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Watanymyzyň her bir gazanan üstünligi, her bir binasy we halkara abraýy şanly Garaşsyzlygymyzyň miwesidir. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan diňe bir içki ösüşinde däl, eýsem halkara giňişliginde-de dostlukly we parahat söýüji syýasaty bilen uly abraýa eýedir. Muňa hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara amala aşyrýan resmi dostlukly saparlary hem aýdyň  subutnamadyr. Döredijilik duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowana ýollarda  rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk-köňül buýsanjymyz” atly …

Metbugat gullugy