“Garaşsyzlyk–bagtymyzyň gözbaşy” atly kitap sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň we okyjylaryň gatnaşmaklarynda şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp “Garaşsyzlyk –bagtymyzyň gözbaşy” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary öz beýanyny tapýar. Mundan başga-da Seýrek neşirler bölümiň gaznasyndaky bar bolan kitaplaryň we irki döwürleriň gazet-žurnallarynyň sergisi we bölüme täze gelip gowşan neşirleriň sergisi giňden gurnaldy we okyjylar köpçüligine ýetirildi. Sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Şeýle-de Şanly Garaşsyzlygyň 35-ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk–bagtymyzyň gözbaşy” atly …