Gaýratly ogullar Watanyň daýanjydyr!

Image description

Gaýratly ogullar Watanyň daýanjydyr!

      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ”Gaýratly ogullar Watanyň daýanjydyr!” atly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler türkmen halky merdi merdanalyga, watansöýüjilige, adalatlylyga gadyr goýup gelen halk. Ata-babalarymyz bu asylly häsiýetleri özleriniň gahrymançylykly ömür ýollary,ýagşy göreldesi,paýhasly sözleri bilen nesilleriň aňyna guýmagy başarypdyrlar. Hut şonuň üçin-de,türkmen halky,geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagytda hem edermen, gaýduwsyz halk hasaplanýar diýip nygtadylar.

    Dabaranyň ahyrynda Watan mukaddesligini, keremli topragymyzyň  goragyny ähli zatdan ileri tutýan  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Gaýratly ogullar Watanyň …

Metbugat gullugy