Geçirilen hünär bäsleşigi mynasybetli ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda geçirilen “Türkmenistan – ösüşleriň Diýary, ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry mynasybetli ýazgy edildi. Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana işini döwrebap ýola goýmakda üstünlikli işleriň amala aşyrylýandygy belläp geçdiler.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny döredip berýän ajaýyp eserleriniň üsti bilen hem görmek bolýar. Ol eserler bu gün ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň tekjelerini bezäp dur diýip buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem “Altyn asyr: Türkmenistan”, ”Miras” we “Aşgabat” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edilen hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boýunça söhbet etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Geçirilen hünär bäsleşigi …