“Geljegiň aýdyň ýoly mermer şäher Aşgabat” atly sergi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Geljegiň aýdyň ýoly mermer şäher Aşgabat” ady bilen kitap sergisi gurnaldy. Sergide Merkezi Aziýanyň merjen şäheri “Aşgabat” barada kitaplar ýerleşdirildi. Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip başlandy.
Ak şäherimiz Aşgabady dünýä ýüzüne tanatmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Geljegiň aýdyň ýoly …