“Göwün päkligiň Gurban baýramy”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy mynasybetli “Göwün päkligiň Gurban baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Gurban baýramynyň her bir ynsan üçin hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýandygy barada söhbetdeşlikde gürrüň etdiler. Şeýle hem türkmen halk döredijiliginde Gurban baýramynyň adamlara paýlaýan ruhubelentligi barada ýazylan eserler hakynda ylmy maglumatlaryň üsti bilen gyzykly taryhy wakalary gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Göwün päkligiň Gurban …