“Gursagy hyjuwly türkmen daýhany” ady bilen wagtlaýyn kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi  “Gursagy hyjuwly türkmen daýhany” ady bilen wagtlaýyn kitap sergisini gurnady.

       Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri  ýerleşdirildi. Mundan başga-da oba hojalygynda ýetilen sepgitler bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylara bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly parahat,  bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gursagy hyjuwly türkmen …

Metbugat gullugy