Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk ýoly bilen beýik geljege tarap” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Altyn Asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” gepleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk ýoly bilen beýik geljege tarap” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz şanly Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişelik Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost-doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bu gün dünýä dolýar. Taryhda şöhratly ýollary geçen Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 3 gezek ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip,ynsanperwer taglymaty bilen Halkara derejesinde uly abraý gazandygy dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.Söhbetleriň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Halkara Bitaraplyk güni …