Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy  mynasybetli“ Bitaraplyk- parahatçylygyň binýady” atly kitap sergisi

Image description

 Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy  mynasybetli“ Bitaraplyk- parahatçylygyň binýady” atly kitap sergisi.                                              

         Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda biziň her bir günümiz şanly senelere beslenýär. “Halkara  parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30  ýyllyk şanly toýunyň hem-de Birleşen Milletler guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk şanly senesiniň utgaşykly gelmegi hem bu döwletli ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu şanly sene mynasybetli dürli pudaklarda şol sanda Döwlet kitaphanasynda halkara derejesinde dabaralar, söhbetdeşlikler, giňişleýin kitap sergileri gurnalýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30-ýyllyk toýy mynasybetli “ Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar” ady  bilen  geçirilen dabaranyň çäginde “ Bitaraplyk- parahatçylygyň binýady” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleri, ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän neşir önümleri ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi giň okyjy köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi.

 

 

                                                                                                                                                                  21.11.2025ý.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 …

Metbugat gullugy