“Hemişelik Bitaraplyk-dost-doganlyk binýady” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Hemişelik Bitaraplyk- dost-doganlyk binýady” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz Türkmenistan döwleti “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden hem dabaraly belledi. Hormatly Prezidentimiz: ”Türkmen halky üçin Bitaraplyk biziň taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhumyzyň we milli häsiýetimiziň tebigy dowamydyr” diýip belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplygy-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabyny türkmen halkyna sowgat berdi.
Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphana işgärleri Hormatly Prezidentimiziň gymmatly eseri dogrusynda tasirli söhbet etdiler we Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Hemişelik Bitaraplyk-dost-doganlyk binýady” …