“Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetli hyzmatdaşlyk” ady bilen sergi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetli hyzmatdaşlyk” ady bilen sergi gurnaldy        

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutulýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda şanly baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz toý lybasyna beslenip, aýratyn gözellik we baky bagtyýarlyk eçilýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň onuň Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hemişelik Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly ýakymy bilen dabarasy soňlanmajak baýramdyr.

         Ýurdumyzyň ösmeginde ähli ugurlarda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Hemişelik Bitaraplyk – …

Metbugat gullugy