Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly kitabynda “Medeni gymmatlyklaryň waspy” ady bilen geçirilýän tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

Image description

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly kitabynda “Medeni gymmatlyklaryň waspy” ady bilen geçirilýän tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň  Medeniýet  ministrligi bilen bilelikde   Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly kitabynda “Medeni gymmatlyklaryň waspy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş eden döredijilik işgärleri we kitaphanaçylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli türkmen halkyna sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly kitaby dogrusynda öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan ajaýyp eserleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn ruhda, watansöýüji, ylymdan- bilimden paýly bolup, biziň taryhymyzy öwrenmekleri üçin giň gollanma bolup durýandygyny belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler. Söhbetdeşlik “Aşgabat” teleýaýlymynyň ”Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşigi tarapyndan ýazgy edildi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň …

Metbugat gullugy