Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Ýaş alymlar bilen “Ylym-bilim–ösüşlere şamçyrag ” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan  Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Ýaş alymlar bilen “Ylym-bilim–ösüşlere şamçyrag ” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň  2025–2029-njy  ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp ýaş alymlar bilen “Ylym-bilim –ösüşlere şamçyrag ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata ýaş alymlar,kitaphana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar hem öz çykyşlarynda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmek  barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de dabaraly maslahatda çykyş edenler  ýurdumyzda kitaphana ulgamy barada alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň  baý gaznasyndan kitap sergisi hem gurnaldy. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikler döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň …

Metbugat gullugy