Hyzmat ediş bölümi kitaphana täze gelip gowşan döwürleýin neşirlerden syn geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi kitaphana täze gelip gowşan döwürleýin neşirlerden syn geçirildi.

       Çykyş edenler ýurdumyzyň toýly günlerinde Döwlet kitaphanamyza gelip gowşan döwürleýin neşirleri giňişleýin tanyşdyrdylar. Gazetdir, žurnallarda döwrümiziň uly üstünliklere beslenýän toýdyr- baýramly günleri barada, giňişleýin maglumatlaryň berilmegi her bir okyjynyň ünsüni özüne çekmek bilen çäklenmän, parahat döwletimiziň ösüşiniň şaýady bolýandyklary üçin syna gatnaşyjylarda buýsanç duýgularyny oýardy. Ýurdumyzyň beýik ösüşini, taryha yz goýjak wakalaryny özünde  jemleýän neşirlerimiziň dowamly gelip gowuşmagy biz kitaphana işgärlerini  diýseň buýsandyrdy.

 Kitaphana synyna gatnaşyjylar halkymyzy toýdyr, baýramly diýarda bagtyň gujagynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hyzmat ediş bölümi …

Metbugat gullugy